20 окт 2023

Ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginde «Men Jelaleddin» atly Köneürgenjiň taryhy barada surata düşürilen serialyň ikinji möwsüminiň tanyşdyrylyşy boldy.

Taryhy janlandyrýan, şol döwrüň jemgyýetçilik, syýasy, medeni we ruhy durmuşyny çeper beýan film ýaýlyma çykarylan ilkinji gününden bäri tomaşaçylarynyň gyzgyn söýgüsini gazandy. Türk kinorežissýorlary bilen bilelikde surata düşürilen serialyň ikinji möwsüminde muşdaklaryna garaşylmadyk tolgundyryjy wakalar garaşýar. Galyberse-de, tomaşaçylar muňa filmiň dowamynda öz bahasyny bererler. Ýeri gelende bellesek, serialyň birinji möwsümi pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli 1 ýyla golaý dowam etdi. Häzirki wagtda serialyň täze bölümleri surata düşürilýär.

«Men Jelaleddin» atly Köneürgenjiň taryhy barada surata düşürilen serialyň ikinji möwsüminiň tanyşdyrylyşy

Комментарии

Комментариев нет.