Behişdi Ahalteke Bedewleri Türkmen Habar Gullugy (1)
Taryhda nesil daragytyny has gadymýetden alyp gaýdýan, Ýer ýüzünde onlarça döwletleri gurup, edermenligi, gaýratlylygy bilen at-owazasy äleme ýaýylan türkmeniň gözüniň görejine, ykbalyna, syrdaşyna deňeýän milli gymmatlyklarynyň biri hem gözellikde deňi-taýy bolmadyk, gamyşgulak Ahalteke bedewlerimizdir.
Behişti bedewlerimiz ýörände seýkin basyp, çapanda ýelden ýüwrik, toý-baýramlarymyzyň bezegidir, halkymyzyň köňül ganatydyr, milli buýsanjymyzdyr. Türkmen topragynda kemala gelen bu dal bedewlerimiziň aýratyn owadanlygy, duýgurlygy, mähribanlygy ata-babalarymyzyň asyrlar boýy tejribe eleginiň miwesidir we ol biziň şu günlerimize ýeten inçe sungatdyr.
Turkmen Yurdy